«Arassa Deňiz» HK-a durnukly ösüş ýörelgeleriniň (ESG ýörelgeleri) öz işinde berjaý edilmegini, daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge, amatly durmuş şertlerini döretmäge, işgärlere we hyzmat sarp edijilerine ak göwünli garamaga, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidi üçin, degişli korporatiw dolandyryşy ýöretmäge esaslanýan, döwrebap biznesiň üstünlikli ösmeginiň iň möhüm şerti hasaplaýar.
Biz ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň öňündäki jogapkärçiligimize doly düşünýäris, olar bilen adam hukuklaryna hormat goýmaga, kanunçylygy we beýleki ähmiýetli kadalary hem-de düzgünleri berjaý etmäge esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýýarys.
«Arassa Deňiz» HK tarapyndan «Durnukly ösüş we ESG ýörelgelerini berjaý etmek babatda syýasaty» tassyklanyldy. Onda durnukly ösüş ugrundaky işjeňligiň esasy ugurlarynyň ileri tutulýan ugurlary we maksatlary kesgitlenildi hem-de tassyklanyldy, olar Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşyklydyr.
HOWPSUZ DAŞKY GURŞAW — HOWPSUZ GELEJEK!
«Arassa Deňiz» HK tarapyndan «Ekologiýa syýasaty» tassyklanyldy. Ol daşky gurşawy goramak ulgamynda strategiýany kesgitlemek we işi maksatly meýilleşdirmek üçin, esas bolup hyzmat edýär hem-de kärhananyň daşky gurşawy goramaga bolan garaýşyny beýan edýär.
«Arassa Deňiz» HK-y zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk (ZG we TH) ulgamynda, kärhananyň esasy düzgünlerini we maksatlaryny kesgitleýän birnäçe syýasatlary we kadalary tassyklady. Olar dolandyryşyň ähli derejelerinde Türkmenistanda hereket edýän ZG we TH boýunça kanunçylyk namalarynyň, şeýle hem kanunçylyk ýa-da kadalaşdyryjy namalar bilen düzgünleşdirilmedik meseleler boýunça, kärhananyň öz dolandyryş resminamalarynyň hökmany berjaý edilmegini göz öňünde tutýar.
«Arassa Deňiz» HK adam hukuklaryny gyşarnyksyz berjaý edýär we ähli işgärleriniň ahlak hem-de hünär kadalaryna laýyk özüni alyp barmagyny, şahsy gymmatlyklara we erkinliklere hormat goýulmagyny, goldaýan gurşawy saklamaga çalyşýar. Kärhana jynsy we/ýa-da gender degişliligi, derisiniň reňki, uýýan dini, ýaşy, milleti, etniki geljegi, maýyplygy, weteranlyk ýa-da harby statusy, göwreliligi, genetiki maglumatlary, maşgala ýagdaýy, raýat statusy, saglyga bilkastlaýyn dürli derejede zeper ýetirmek hereketleri esasynda ýa-da kanun tarapyndan gadagan edilen islendik beýleki esaslar boýunça, kemsitmelere we kemsidiji hereketlere garşy durmagy hem-de olaryň öňüni almagy öz üstüne alýar.
«Arassa Deňiz» HK korporatiw medeniýet ulgamynda iň gowy tejribeleri ornaşdyrmaga we saklamaga uly üns berýär hem-de kärhananyň üstünligini, işiniň yzygiderliligini, ykdysady netijeliligini üpjün etmek, şeýle hem ygtybarly we ak göwünli hyzmatdaş hökmünde ýokary işewürlik abraýyny saklamak maksady bilen, korporatiw dolandyryşa düýpli we toplumlaýyn çemeleşýär.
Işiň aýdyňlygy we maglumatlaryň açyklygy — biz ähli derejelerde HK we biziň işimiz baradaky esasy maglumatlaryň açyklygyny üpjün edýäris. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň islegi boýunça, biz öz işimizde kanunçylygyň talaplarynyň we kadalarynyň berjaý edilýändigini tassyklaýan islendik maglumatlary bermäge taýýardyrys.
Maliýe durnuklylygy - biz maliýe taýdan rowaçlygy we ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge çalyşýarys. HK-nyň ähli maliýe amallary buhgalterçilik hasabynda degişli derejede, takyk we doly jikme-jiklik bilen şöhlelenýär, resminamalaşdyrylýar we barlag üçin elýeterlidir. Tanyşmak.
• Korrupsiýa garşy kanunçylygyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi – biz iş alyp baranymyzda we islendik amallary amala aşyranymyzda korrupsiýanyň islendik görnüşine we ýüze çykmasyna «hiç hili dözümsizlik» ýörelgesine eýerýäris. Şeýle düzgün bozulmalaryň öňüni almak üçin, ähli mümkin bolan tagallalary edýäris we şu maksat bilen, HK-nyň Korrupsiýa garşy syýasatynda has giňişleýin beýan edilen çäreler toplumyny ornaşdyrdyk.
Dolandyryş edaralarynyň we wezipeli şahslaryň garaşsyzlygy hem-de hasabatlylygy - olar guramaçylyk gurluşy we dolandyryş edaralarynyň hasabatlylygy, olaryň biri-biri bilen netijeli gatnaşyklary, ähli wezipeli şahslaryň ýokary hünär derejesi we bitaraplylygy arkaly amala aşyrylýan ak göwünli dolandyryşa esaslanýar.
Satyn alyş işiniň ýokary standartlary –satyn alyş işiniň çäginde biz diňe ygtybarly, kanunlara boýun egýän we bäsleşige ukyply üpjünçiler bilen «Tassyklanylan üpjünçileriň sanawyna» laýyklykda, hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýarys.
Işjeň hyzmatdaşlyk we taraplaryň bähbitleriniň deňagramlylygyny saklamakbiz netijeli gepleşikleri we uzak möhletleýin üstünlikli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda sargyt edijiler, sarp edijiler, üpjünçiler, hyzmatdaşlar, işgärler, jemgyýetçilik guramalary, döwlet edaralary we häkimiýet organlary bilen adam hukuklaryna hormat goýmaga, kanunçylygy we beýleki ähmiýetli kadalary berjaý etmäge esaslanýan deňhukukly, dogruçyl we netijeli gatnaşyklary gurmaga çalyşýarys.