HIL

«Arassa Deniz» Hususy kärhanasy- HILI DOLANDYRYŞ ULGAMYNYŇ WE IÝMIT HOWPSUZLYGYNYŇ utgaşdyrylan halkara standartlaryna laýyklygy boýunça audit barlagyndan geçen, Türkmenistanda jemgyýetçilik iýmiti, arassalaýyş we kir ýuwujyhana hünär hyzmatlaryny berýän ýeke-täk kärhanadyr.

ISO 9001:2015
ISO 22000:2018

STRATEGIKI MAKSATLAR:

  • Sarp edijileriň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň talaplaryny hem-de tamalaryny kanagatlandyrýan, ýokary hilli we howpsuz taýyn naharlary öndürmek we ýerlemek arkaly, jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryny ýokary hilli hödürlemek;
  • Netijeli professional ýuwujy we dezinfeksiýa ediji serişdeleri, arassalaýyş gurallaryny we iň täze tehnologiýaly döwrebap enjamlary ulanmagyň esasynda, müşderilerimiziň durmuşyna amatlylygy we arassalygy getirip, arassalaýyş hem-de kir ýuwujyhana hyzmatlaryny ýokary hilli hödürlemek;
  • Taýýar naharlaryň we hyzmatlaryň hiliniň yzygiderli gowulandyrylmagyny, şeýle hem işiň hemmetaraplaýyn howpsuzlygyny üpjün etmek bilen, işgärleriň höwesini artdyrmaga gönükdirilen syýasatyň esasynda, HK-nyň ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de berkitmek.

HK-da HILI DOLANDYRYŞ ULGAMYNYŇ WE IÝMIT HOWPSUZLYGYNYŇ (HDU we IH) aşakdaky resmileşdirilen amallary işlenip düzüldi

P.01 Amaly
«Resminamalary we ýazgylary
dolandyrmak»

Resminamalary işläp düzmegiň, resmileşdirmegiň, tassyklamagyň we dolanyşygynyň tertibini beýan edýär.

P.02 Amaly
«Içki auditleri dolandyrmak»

Içki auditi meýilleşdirmäge we geçirmäge, hasabatlylyga hem-de netijeleri resminama görnüşinde resmileşdirilýän jogapkärçiligi we talaplary beýan edýär.

P.03 Amaly
«Laýyk däl ýagdaýlary
we düzediş çäreleri dolandyrmak»

Laýyk däl ýagdaýlaryň we ähtimal bolan laýyk däl ýagdaýlaryň gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin, olaryň sebäplerini aradan aýyrmaga gönükdirilen düzedişleri we düzediş çärelerini kesgitlemegiň hem-de ýerine ýetirmegiň usullaryny, şeýle hem düzediş çärelerini netijeli ornaşdyrmak we ýüze çykyp biljek laýyk däl ýagdaýlaryň sebäplerini ýok etmek üçin, zerur ädimleri beýan edýär.

P.04 Amaly
«Ýolbaşçylyk tarapyndan seljeriş we meýilleşdiriş»

Ýolbaşçy tarapyndan HDU we IH ulgamyna seljeriş geçirmegiň usulyýetini beýan edýär.

P.05 Amaly
«Öndürmek we gözegçilik»

Dürli naharlary taýýarlamak, arassalaýyş, kir ýuwujyhana we olara degişli amallaryň tehnologiýasyny beýan edýär.

P.06 Amaly
«Ammara ýerleşdirmek
we yzarlap bilmeklik»

Iýmit önümleriniň, taýýarlanylan önümleriň we ýarym fabrikatlaryň, sarp edijä eltip berilýän wagtyndaky we paýlanyşdaky taýýar naharlaryň, şeýle hem dürli kömekçi serişdeleriň dogry saklanyş amallaryny we iýmit önümleriniň taýýar nahara öwrülmeginiň ähli tapgyrlaryny yzarlap bilmekligi beýan edýär.

P.07 Amaly
«Sargyt ediji
we sarp edijiler bilen işleşmek»

Sargyt ediji / Sarp ediji bilen habarlaşmagyň serişdelerini we usullaryny beýan edýär.

P.08 Amaly
«Satyn almalar we üpjünçiler bilen işleşmek»

Üpjünçileri / öndürijileri saýlamagyň, bahalandyrmagyň we gaýtadan bahalandyrmagyň tertibini beýan edýär.

P.09 Amaly
«GMP»

Önümçilik jaýlarynyň, ammarlaryň, beýleki meýdançalaryň we kömekçi jaýlaryň sanitar ýagdaýyny saklamagyň kadalaryny beýan edýär.

P.10 Amaly
«Işgärleri saýlap almak we okatmak»

Adam serişdeleri bilen üpjün etmek ulgamyny, işgärler düzümini saýlamagy we ýerleşdirmegi, işgärleri okatmagyň we hünärini ýokarlandyrmagyň kadalaryny beýan edýär.

P.11 Amaly
«Täze naharlary işläp düzmek»

Täze naharlaryň işlenip düzüliş amallaryny beýan edýär.

P.12 Amaly
«Infrastruktura»

ОEnjamlaryň, binalaryň, desgalaryň we dürli üpjünçilik gulluklarynyň / kommunikasiýalarynyň taýýarlygynyň ýokary derejesini, ulanyş wagtyndaky işe ukyplylygyny üpjün etmegiň hem-de awariýa ýagdaýyndaky bozulmalaryň öňüni almagyň tertibini beýan edýär.

P.13 Amaly
«Howplary seljermek»

Iýmit önümleriniň, taýýar naharlaryň howpsuzlygyna täsir edýän howply faktorlary gözlemegiň usulyýetini we olaryň öňüni almak çärelerini beýan edýär.

P.14 Amaly
«Hili dolandyryş
we iýmit howpsuzlygy boýunça gollanma»

Integrirlenen HDU we IH ulgamyny, onuň resminamalar düzümini beýan edýär. Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna hem-de ISO 9001:2015, ISO 22000:2018 standartlarynyň talaplaryna laýyklygy tassyklaýar. HDU we IH ulgamynyň netijeliligini görkezýär.