«Arassa Deniz» HK ýöriteleşdirilen we kömekçi mekdep-internatlarynda, çagalar üçin ýöriteleşdirilen mekdebe çenli edaralarda terbiýelenýän maýyplygy bolan çagalar we ýetim çagalar, şeýle hem köp çagaly we pes girdejili maşgalalaryň çagalary üçin, geçirilýän dürli haýyr-sahawat çärelerine we dabaralaryna yzygiderli gatnaşýar. Sport, medeniýet we beýleki ugurlarda geçirilýän çäreleri guramakda hemaýatkärlik kömegini berýär.