«Mandarin» restorany bu şowhunly megapolisiň merkezinde ýerleşýän asuda, hoşniýetli, mähirli gurşawyň we öý amatlylygynyň hakyky oazisidir.
Bu ýere gelýänlere joşgunly durmuşdan ünsüni sowup, parahat dynç almak we ajaýyp ýewropa aşhanasynyň lezzetinden
peýdalanmaklary üçin, ähli şertler döredilendir.
Ýaşyllyga we güllere bürenip outran Bassyrma restoranyň iň özüne çekiji ýeridir. Bu ýeri mähribanlar we aşyk-magşuklar
örän gowy görýärler hem-de ony köplenç özboluşly dabaralary bellemek üçin saýlap alýarlar.
Desganyň içki görnüşinde her bir ownuk zada uly üns berlen: mähirli, öwüşginli, döwrebap dizaýn, ýumşak ýassygy bolan
amatly we oňaýly mebel, uly saýawanlar, öçügsi saçylýan ýagtylyk ulgamy. Bassyrmanyň süýşürilýän bassyrmasy bulutly
howada ýelden we ýagyşdan gorasa, yssy günlerde bolsa, myhmanlary jöwzaly Günden goraýar.
Restoranyň myhmanlary ýakynlarynyň gurşawynda ýakymly dynç alyp bilerler ýa-da işewür hyzmatdaşlary bilen bilelikde
günortanlyk naharyny geçirip bilerler.
Restoranyň menýusynda - ýewropa, aziýa we panaziýa aşhanalarynyň tagamlarynyň uly görnüşi bar. Olary taýýarlamakda önümleriň aýratynlyklaryny we häsiýetlerini doly açmak, tagamyň päkligini we köp öwüşginliligini
görkezmek üçin, döwrebap çemeleşmeler bilen däp bolan usullar utgaşdyrylýar.
Şerap sanawynda bolsa, Ýewropanyň nusgawy şerap öndürilýän sebitleriniň içgileri bilen bir hatarda, ekzotik içgiler hem
hödürlenýär.
Türkmenistan, Aşgabat ş., «Berkarar» SDAM, 4-nji gat.
«Şokolad» kluby— bu özboluşly içki görnüşi we giňişliginiň guralyşy arkaly, aýratyn şarmy bolan «loft» stilindäki döwrebap klubdyr.
Tematik agşamlar, baýrakly oýunlar we sowgatly şow-programmalar, klubyň özboluşly «wizit kartasydyr». Şäheriň öňdebaryjy
didjeyleriniň biri we tejribeli hünärmen, alyp baryjy hakyky gaýtalanmaz şatlyk we baýramçylyk gurşawyny döredýärler.
Klubyň ussat barmenleri tarapyndan taýýarlanylan dürli görnüşli alkogolsyz we alkogolly içgiler, şeýle hem kokteyller
teşnelegiňizi gandyrmaga kömek eder. Klubyň menýusynda balykdan, etden, peýnirden we gök önümlerden taýýarlanylan,
islendik işdäni açýan dürli görnüşli işdä açarlar hödürlenýär.
Türkmenistan, Aşgabat ş., «Berkarar» SDAM, 4-nji gat.
«Melburn» restorany «launž» stilinde bezelen bolup, bu ýerde mylaýym we ýeňil sazlar ýaňlanýar, öçügsi saçylýan ýagtylyk ulgamy işleýär,
myhmanlar bolsa amatly ýumşak diwanlarda we kreslolarda ýerleşýärler. Bu ýer elmydama ýakymly, aram beriji gurşawy we
asudalygy peşgeş berýär. Restoranyň dizaýny awangard, ýöne gözüňi ýadatmaýan stilde ýerine ýetirilen, myhmanlaryň hususy
dynç alşy bolsa, giňişligiň özboluşly zolaklara bölünmegi arkaly üpjün edilýär. Şeýle şertler asuda dynç almaga
mümkinçilik berýär we söhbetdeşlige päsgel bermeýär. Her bir myhman bu ýerde özüni öýündäki ýaly duýup biler.
Restoranyň aşhanasynda hiç bir topar aç galdyrmaz. Hünärmen aşpezbaşy tarapyndan awtorlyk usulynda taýýarlanylan,
ýewropa aşhanasynyň iň lezzetli tagamlary we süýji-tagamlar islendik talapkär sarp edijiniň göwnünden turar.
Restoranyň ähli gelýänleri dürli görnüşli içgiler, özboluşly kokteýller, awtorlyk limonadlary we hytaý çaýynyň saýlama
görnüşleri bilen geň galdyrar.
Şeýle hem, bu ýer sagdyn iýmitlenmegiň tarapdarlaryny peýdaly maddalara we mikroelementlere baý bolan, «Sagdyn durmuş
ýörelgesi» (ZOŽ) atly pes kaloriýaly tagamlar toplumy bilen begendirer. Mundan başga-da, berhiz saklaýan myhmanlar üçin
diňe bir peýdaly däl, eýsem tagamly iýmit sanawyny düzmäge-de we balanslaşdyrmaga-da kömek eder.
Türkmenistan, Aşgabat ş., «Berkarar» SDAM, 3-nji gat.
«Melburn-Burger» burgerhanasy— bu ýerde her bir zat ýönekeý, ykjam we örän amatlydyr. Öňünden däl-de, ýörite Siziň üçin taýýarlanylan hakyky
gamburgeriň tagamyny datmak üçin, bu ýer iň amatly mekandyr.
«Melburn-Burgerde» ähli burgerler hakyky sungat eseridir, olary taýýarlamakda kärhananyň özünde bişirilen ýörite
bulkajyklar we özboluşly souslar ulanylýar.
Menýuda diňe bir nusgawy we awtorlyk reseptleri boýunça taýýarlanylan burgerler däl, eýsem amerikan aşhanasynyň beýleki
tagamlarynyň — steýkleriň, hot-doglaryň we dürli işdä açarlaryň uly görnüşi hödürlenýär.
Desganyň esasy aýratynlygy iň kiçi myhmanlar üçin, niýetlenen ýörite programmadyr. Ol programma, burgerhananyň işi bilen
tanyşmagy hem-de çagalar üçin burgerleri we hot-doglary taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklaryny öz içine alýar.
Türkmenistan, Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 32.